Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

1 Mart 2021
858

Öňdebaryjy ulgamyň bähbitli geljegi

Soňky ýyllarda dünýäniň dürli döwletleriniň ykdysadyýetinde täze, ykdysady tygşytlylyk we ekologiýa babatda has kämil we bähbitli usullar giň gerime eýe bolýar. Aýratynam, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwrüň talaby bolup öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň depginli ösüşiniň barha rowaçlanmagyna itergi berýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda ynamly gadamlary batlanýar. Bu hakykata 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde gazanylýan üstünliklerden, ulanmaga berilýän desgalardanam göz ýetirmek bolýar.