Saýlawlara taýýarlykly barylýar

28 Fewral 2021
892

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri Ahal welaýatynda hem guramaçylykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, welaýatymyzda degişli işler bellenilen möhletde we tertipde amala aşyrylýar.

Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsüm yglan edildi. Saýlawlary aýanlyk şertlerinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen milli synçylaryň 61-si welaýat saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Ahal welaýat saýlaw toparynyň kätibi.