Gender deňligi

27 Fewral 2021
1320

Adam hukuklaryny goramak, şol sanda gender deňligi meselesi jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Hut şol sebäpli-de, adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, maşgala gurmaga bolan hukugy we beýleki binýatlaýyn hukuklary barada gürrüň edilende, gender deňliginiň üpjün edilmegi aýratyn nygtalýan meseleleriň hataryna girýär.

Gender deňligi aýal-gyzlaryň, erkek kişileriň konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň, şeýle-de olaryň jemgyýetdäki borçlarynyň deň goýulmagyny, birmeňzeş teswirlenilmegini, deň garalmagyny we deň derejede berjaý edilmegini mizemez kada hökmünde öňe çykarýar. Gender deňligi zenanlaryň kanunyň, jemgyýetiň, milli adatyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriň öňünde deň kadalara tabyn bolýanlygyny, hukuklara, borçlara deň derejede eýedigini aňladýar.

Aksona ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň baş hünärmeni.