Boris ÝEKIMOW,
rus ýazyjysy
Garaşylmadyk ýerden ýadyňa-oýuňa düşmejek düýşler görnüp başlady. Ol özüni häzirki döwürdäkisi ýaly görýärdi, uýasy Manýa-da hiç ýanyndan aýrylmaýardy, özem juda kiçijikdi, ümbilmez balady. Gyzjagaz oňa gysmyljyraýardy, gujaklaýardy, çaga dilinde nämedir bir zatlar jedirdeýärdi, şonda Nikolaýyň kindiwanja jigisine haýpy gelmekden hem-de mähir-muhabbetden ýaňa gözleri gubarlaýardy. Hopugyp gözüni açýardy hem-de ýüregi gürs-gürs urýardy. Ukudan açylybam oýa batýardy: hernä eýgilige bolawersin!