Dostlugyň gymmaty (rowaýat)

25 Fewral 2021
929

Ençeme ýyllap birek-biregi sylap, sarpalap gatnaşyp ýören ýegre dostlaryň arasy bozulýar. Olaryň dostluk gatnaşyklary kesilýär-de her haýsy öz maşgalasy, iş-aladasy bilen gümra bolup ýaşaberýär. Olaryň biri her sapar dostluk hakynda gürrüň etseler, beýlekisini ýaramaz häsiýetlendiripdir. Beýlekisi welin hiç bir ýerde köne dostuny ýamanlamandyr. Tersine, ol hakda gürrüň etseler, dostunyň akýüreklidigini hem-de gaýratly, işbaşarjaň adamdygyny nygtapdyr. Bir gürrüňçilikde obadaşlary ondan köne dostunyň ony hemişe ýaramaz adam hasaplaýandygyny aýdyp, onuň bolsa näme üçin hemişe dostuny öwýändigini sorapdyrlar. Onda ol şeýle diýipdir:

— Men ony öwemok-da bolşy ýaly suratlandyrýan. Biziň ençeme ýyllap dostluk gatnaşygyny saklanymyzy, köp ýerlerde duz-emek bolanymyzy hemmäňiz bilýärsiňiz. Obanyň ähli toýlarynda bile şatlandyk, kyn günlerimizde birek-biregi goldadyk, uzak ýollara ýoldaş bolduk. Meniň onuň bilen geçiren her bir pursadymy hemişe iň bir bagtyýar günlerim hasaplaýaryn. Sebäbi arkamda dag ýaly bolup duran, kyn günümde kömek etmäge taýýar dostum bardy. Şeýle ynamdar, mert dostumyň bardygyna öz ýanymdan diýseň guwanýardym. Şonuň üçin biz birek-birege uly sarpa goýýardyk.

Terjime eden Gülnara BALTAÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 54-nji orta mekdebiniň mugallymy.