Parahatçylygy döretmek — mizemez ýörelgämiz

25 Fewral 2021
887

Parahatçylyga söýgi ata-babalarymyzdan gelýär, ganymyzda aýlanýar, ol biziň halkymyzyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip gidipdir. Parahatçylygy goramak — ata-baba däbimiz, ol biziň ýol-ýörelgämize ornapdyr. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bitaraplyk syýasatymyzyň esasynda hem şu häsiýet, şu ýörelge durandyr.

Her ýylyň ady biziň milli Liderimiziň parasaty bilen gelýär. Her ýylyň ady biziň berkarar döwletimiziň taryhy tutumlary bilen gelýär. Her ýylyň ady biziň halkymyzyň beýik maksatlary bilen gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, halkymyzyň islegi bilen 2021-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryny göterýär.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».