DAŇ HORAZY

25 Fewral 2021
3048

Wagty bilmek islendik döwürde hem adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolupdyr. Şonuň üçinem ony dürli döwürlerde dürli usullaryň, gurallaryň üsti bilen kesgitläpdirler. Taryhdan bilşimiz ýaly, adamlaryň aň-düşünjesi ösüp ugrandan soň, güni, aýy, ýyly kesgitleýän senenamalar döredilipdir. Ylym-bilimiň ösmegi bilen, alymlar tarapyndan dürli görnüşli senenamalardyr gije-gündiziň dowamynda wagty görkezýän sagatlar oýlanylyp tapylyp, olar has-da kämilleşdirilipdir.

Eýsem, biziň ata-babalarymyz günüň wagtyny nähili anyklapdyrlar? Daňyň atmagy, Günüň dogmagy, guşluk çagy, günorta, öýle, ikindi, Günüň ýaşmagy, gijäniň ýary ýaly tebigy ýagdaýlar arkaly günüň wagtyny kesgitläpdirler.

Halmuhammet HAJYÝEW.
Türkmenbaşy şäheri.