Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy

24 Fewral 2021
817

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň hözirini görüp ýaşaýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, eziz Watanymyzy gülletmekde ruhubelentlik bilen zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şundan ugur alyp, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda, bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha, şeýle çäreleriň biri-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetinde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň badalgasy, arzuwlarymyzyň adalgasy» atly dabaraly çäre guraldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary hem-de harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň sebitde we dünýäde okgunly ösüşi üçin amala aşyrýan beýik işleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren milli ruhy we maddy gymmatlyklary, merdana halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli duýgulary we päk arzuw-islegleri beýan edildi. Çykyşlarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň berkarar eden Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki abraýyny artdyrmakda hem-de ornuny ýokarlandyrmakda ägirt uly işleri amala aşyrýandygy aýratyn nygtaldy. Hususan hem, harby-lukmançylyk fakultetiniň dekany, lukmançylyk gullugynyň maýory Muhammetnazar Nurnazarow, bu fakultetiň dekanynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, podpolkownik Nurýagdy Akmämmedow, uniwersitetiň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri Tekemyrat Gutlymyradow, diller kafedrasynyň müdiri Bahar Bekmyradowa, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Gurbanmyrat Annamow hem-de harby-lukmançylyk fakultetiniň 2-nji ýyl harby talyby Guwanç Annaýew dagynyň çykyşlary has täsirli bolup, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mähriban Watanymyzyň ählitaraplaýyn gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi bolandygy, häzirki döwürde döwletimiziň ykdysady ösüşiniň diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynyň äleme ýaýylýandygy baradaky täsirli maglumatlar olaryň çykyşlarynyň özenini düzdi. Dabaranyň ahyrynda uniwersitetimiziň «Melhem» aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi.

Hezretguly HUDAÝGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň mugallymy, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.