Ene diýmek dünýädir

23 Fewral 2021
992

Ene — barlyk! Ene — dowamat! Ene — ýaşaýyş! Ene — hemmeleri özüne kökerýän gudratly dünýä! Ene — söýgi-muhabbetiniň çägine hem çuňlugyna göz ýetirip bolmajak iň ýakyn ynsanymyz. Şahyr Gurbanýaz Daşgynow eneli bolmak bagtyny şygyr setirlerinde şeýle beýan edipdir:

Bagt diýlen zadyň barlygy,
Owal-ahyrda çyn bolsa.
Bilgin, bagtyň daş ýardygy,
Bu dünýäde ejeň bolsa...

Aýsenem GURBANOWA,
žurnalist.