Ýagmyryň arzuwy (hekaýa)

23 Fewral 2021
758

Bu şeýle bolupdy. Günlerde bir gün Begmyrat aga agtyklaryny daşyna üýşürip, ertekä çalymdaş gyzykly gürrüňler edip berdi. Gürrüňiniň soňuny bolsa obanyň çetinde ýerleşýän köne gala syrykdyryp, “Kiçijik mahalymyzda eşiden gürrüňimizde köne galada äpet bir aždarha ýüz ýyllyklardan bäri giden bir kitaply sandygy saklap otyrmyş diýlerdi. Bu rowaýatyň toslamadygyna tiz düşündik. Obanyň ilersinde, iki deräniň çatrygynda ýerleşen bu galanyň orta asyrlara degişlidigi alymlar tarapyndan anyklanyldy. Bu gadymy galada ilkinji gezek baryp mundan elli ýyl ozal merkezden gelen arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirildi, soňam telim gezek dörüp, agtaryp gitdiler. Okuwçylaryň kömegi bilen ol ýerden tapylan küýze, kepgir ýaly birentek ownuk-uşak zatlarymyzy hem ylmy taýdan öwrenmek üçin gerek diýip öz ýanlary bilen alyp gitdiler” diýdi.

Babasynyň beren bu gürrüňleri agtygy Ýagmyra aýratyn täsir etdi. Şol günden başlabam özüniň boş wagtlaryny bu täsin, içi syrly galanyň töwereginde geçirdi. O ýere gitmäge bahana-da tapyldy. Okuwdan soň sürüden galan toklularyny hem şol töwereklere sürerdi. Onsoň toklular-a sähradaky gök otdan mazaly garynlaryny doýrardy, Ýagmyr bolsa bu ýerden monjukdyr nagyşly küýzäň bölejiklerini, her hili bezeg şaýlary ýygnardy.

Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy.