Toý şatlygy ýürekleri joşdurýar

19 Fewral 2021
896

2020-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyna hormatly Prezidentimiziň baýragy gowşuryldy

17-nji fewralda Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

"Nesil".