Belent sepgitleriň ýyly bolar

19 Fewral 2021
793

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň,Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylyň aýratyn öwüşgine eýedigini bellemelidiris. Sebäbi hemmämize mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bagtyýar halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.