Hereketiň sazlaşykly bolmagy üçin

19 Fewral 2021
1071

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini howpsuz guramaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga berk talap bildirýär. Öňde goýlan jogapkärli wezipelerden ugur alyp, bölümçämizde netijeli işler alnyp barylýar. Şonda hereketi sazlaşykly guramak üçin köçeleri zerur ýol belgileri we enjamlary bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Golaýda welaýat merkeziniň Azatlyk we Zelili köçeleriniň çatrygynda sazlaýjy enjam oturdyldy. Munuň özi awtoulaglaryň hereketini bökdençsiz guramakda ähmiýetli boldy.

Bölümçäniň gündelik işinde köçelerde hereketiň ýygylygyny nazarda tutup, degişli çözgütlere gelinýär. Ýakynda şäherimiziň Garaşsyzlyk köçesiniň Nurmyrat Saryhanow we Ak bugdaý köçeleriniň aralygyndaky böleginde awtoulaglaryň birtaraplaýyn hereketi ýola goýuldy. Şeýle-de Nurmyrat Saryhanow köçesiniň bir böleginde iň ýokary tizligiň çägi sagatda 40 kilometr diýlip bellenildi we degişli gadagan ediji belgi oturdyldy.

Muhammet ŞERIPOW,
Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.