Göçme sergiler guralýar

19 Fewral 2021
1132

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli mirasymyza bagyşlanan medeni çäreleriň geçirilmegi hem barha giň gerim alýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde guralýan göçme sergileri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň ýokary okuw mekdeplerinde gurajak göçme sergileriniň Tertipnamasy tassyklanyldy.

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi gurady. Muzeýiň gaznasynda saklanýan milli lybaslar, şaý-sepler, halylardyr el işleri, dürli saz gurallary, durmuşda ulanylýan esbaplar oňa tomaşa eden talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Halkymyzyň milli däp-dessurlary häzirki bagtyýarlyk döwrümizi geçmiş taryhymyz bilen pugta baglanyşdyrýar. Şunda guralýan şeýle sergilere aýratyn orun degişlidir. Milli gymmatlyklarymyzyň Döwlet muzeýinde aýalyp saklanylýan asyl nusgalary milli mirasymyzyň üsti bilen ýaş nesilde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.