Türkmen diplomatiýasynyň rowaç ýoly

19 Fewral 2021
1048

Düýn Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri, onuň dost-doganlyga daýanýan milli ýörelgeleri we geljekki mümkinçilikleri hakynda söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan umumadamzat bähbitli daşary syýasaty netijesinde milli diplomatiýamyzyň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy hakyndaky buýsançly pikirler maslahatyň özenini düzdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul etdiler.

Dostluk köprüsi

Ýörite habarçymyz.