Demokratik saýlawlaryň hukuk esaslary

18 Fewral 2021
1045

Eziz diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmelerinde döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň deňagramly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimizde emele gelýän raýat jemgyýetiniň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.