Fabrigiň işi ilerleýär

18 Fewral 2021
838

«Bäherden» tikin fabrigi dokma senagatynyň baýry kärhanalarynyň biridir. Fabrikde tikin işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmekde we ýokary hilli önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň fabrigiň tikinçileridir hünärmenleri tarapyndan öndürilýän önümlere isleg barha ýokarlanýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, işleriň ýola goýluşy we öndürilýän önümler bilen tanşanymyzda hem munuň şeýledigine göz ýetirdik.

Tikin fabrigine indi birnäçe ýyldan bäri Gurbanmuhammet Muhammetnurow ýolbaşçylyk edýär. Bu ýaş hünärmeniň guramaçylyk ukyby we tutanýerliligi bilen fabrigiň işi barha ilerleýär. Sanly ýylyň içinde önümçilik işiniň geriminiň giňemegi hem-de ekologiýa taýdan arassa matalardan tikilýän önümleriň görnüşiniň artmagy şeýle diýmäge doly esas berýär. Bu ýerde işler, esasan-da, buýurmalar esasynda ýerine ýetirilýär. Degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýokary hilli matalardan tikilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy tikinçilerdir hünärmenleriniň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Aýjahan MÜLKIÝEWA,
«Ahal durmuşy». SURATLARDA: tikin fabriginiň işinden pursatlar.