Nesil terbiýesi

16 Fewral 2021
1283

Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize eýerip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek wezipesi ene-ata bilen bilelikde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hem paýyna düşýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak endiklerini ösdürmekde toplanan iş tejribelerden we usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr.

Parasatly ata-babalarymyz «Salam — edebiň gözbaşy» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Salam dost-doganlygyň, düşünişmegiň, birek-birege hormat-sarpa goýmagyň, ylalaşygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, salamlaşmagyň düzgünlerini, manysyny ýaş nesliň aňyna guýmak wajyp meseleleriň biridir.

Ogulşeker ANNAMEDOWA,
Tejen şäherindäki 8-nji çagalar bagynyň müdiri.