Alp attila

16 Fewral 2021
863

Ömür beýany
(Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda)

Rime gelen ilkinji günlerinden Attilany geň galdyran hem hopukdyran köşgüň howasy boldy. Möýüň kerebi ýaly bulam-bujarlyk, gurulan hem guruljak duzaklar, bäsdeşligiň hem basdaşlygyň netijesiniň diňe ölüm bilen soňlanmagy, haýsydyr bir maksat üçin doganlygyň, dostlugyň pida berilmegi, bähbit üçin iň pis pygyllaryň amala aşyrylmagy bu ýerde adata öwrülen eken. Sährada beýle ýagdaýlary göz öňüne getirmek, guramak asla mümkin däl. Dönüklik, biwepalyk, göriplik bardyr. Ýöne beýle derejede bolup biljegine ähtimal bermegem akyla syganok.

Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy