Döwrebap kanunlar kabul edilýär

15 Fewral 2021
721

Berkarar döwletimizde hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda kanunçylygy we onuň täsirliligini ýokarlandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hukuk tertibini berkitmek, kanunlary düzgünleşdirmek, raýatlaryň hukuk düşünjeliligini gazanmak barada tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän kodekslere, käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kanunlaryň kabul edilmegi, iki palataly Parlament ulgamynyň  döredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. ªeýle işleriň netijesinde kämil jemgyýet kemala gelip, adamlaryň hukuklarynyň mizemez binýady üpjün edilýär.

Milli Liderimiz döwrebap kanunlaryň ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň ygtybarly kepilidigini nygtap geçýär. Täze taryhy döwürde badalga berlen, milli hem-de dünýä tejribelerine esaslanýan hukuk özgertmelerinde adam we onuň abadan ýaşaýşy baradaky alada ileri tutulmak bilen, olar halkymyzyň hukuk taýdan goraglylygyna, döwletimiziň we jemgyýetimiziň yzygiderli ösüşine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygynyň aýdyň beýan edilmegi munuň subutnamasydyr. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, ynsanperwer milli ýörelgeler Diýarymyzda alnyp barylýan hukuk syýasatynda öz beýanyny tapýar. 

Kömek BAVJANOW,
Balkanabat şäher kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.