«Ýylyň zenany — 2021»

15 Fewral 2021
1069

Işjeňligiň mähribanlyk nusgasy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýylyň-ýylyna yglan edýän «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň zenanlar baradaky aladalaryna, olara goýýan uly hormatyna zenanlaryň tutanýerli hem önjeýli işleri bilen jogap berýändiklerini giňden açyp görkezmek, şeýle hem, zenanlaryň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek, häzirki zaman jemgyýetinde olaryň maşgala ojagyny berkitmekde, nesilleriň sagdynlygyny goramakda bitirýän hyzmatlaryny, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşantlaryny açyp görkezmek, biri-biri bilen tejribe alyşmaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek maksadynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyz-gelinler gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Hezret ÝAZBERDIÝEW.