Gözelligiň mekany

12 Fewral 2021
889

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda paýtagt şäherimiz Aşgabat geçen sanlyja ýyllarda uly ösüşlere beslendi. Paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe getirilmegi, abadanlaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda oňyn netijelere beslenýär. Paýtagtymyzda alnyp barylýan giň gerimli, düýpli gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerine gözüň düşende hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Elbetde, munuň özi paýtagtymyzyň has kämil şäherleriň biri bolmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda paýtagtyň haýsy künjegine göz aýlanyňda hem, gije-gündiz päk zähmetiň gaýnap-joşýandygyny görmek bolýar. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ak şäherimizi gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtyň keşbinde baýramçylyk öwüşginini döretmek ýaly aýdyň maksatlar dur.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa abadançylygy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslemek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şol sanda ak şäherimiz Aşgabatda ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän dürli baglar, pasyllaryň hersine mahsus bolan ajaýyp güller oturdylýar. Aslynda hem baglaryň we gülleriň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsirine, onuň töweregimizi gurşap alan tebigata üýtgeşik bezegdigine, şeýle-de adamlaryň saglygy üçin arassa howany bölüp çykarýandygyna magat düşünýän halkymyz daş-töweregiň gülzarlyga beslenmegine aýratyn ähmiýet berýär. Mähriban halkymyz ata-babalarymyzdan gelýän bagdyr gül ekmek ýaly sogaply ýörelgäni agzybirlik bilen dowam etdirýär. Her möwsümde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde oturdylýan müňlerçe düýp agaç nahallary, dürli güller biziň ählimize lezzet paýlaýar.

Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.