Wajyp wezipeler kesgitlenildi

12 Fewral 2021
973

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde öňümizde möhüm wezipeler durýar. Golaýda Türkmengala etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem geçen ýylda ýetilen sepgitler seljerilip, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre TDP-niň etrap komiteti tarapyndan guralyp, oňa TDP-niň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Serdar Jumageldiýew, etrapdaky 14-nji we 16-njy orta mekdepleriň mugallymlary Bahar Gurbanmyradowa, Muhammetmyrat Durdyýew, etrapdaky 8-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Nurgeldi Garaýew çykyş etdiler. Olar 2020-nji ýylda bitirilen işlere seljerme berip, üstümizdäki ýylda ýetilmeli sepgitler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatda ýaşlaryň birnäçesi partiýa agzalygyna kabul edildi. 2020-nji ýylda zähmetde tapawutlanan partiýa agzalaryna ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.