Şygyrlar çemeni

8 Fewral 2021
807

Halkym
Öňün-soňun müň ölçerip, geňeşip,
Güneşli ülkede ornaşan halkym.
Topragyny jandan ileri söýüp,
Erkana ýurt üçin göreşen halkym.

Goňşy-golam bilen bir göwre-bir jan,
Sarpaly gatnaşan, duz-emek bolup,
Eger-de bir kişi bolsa perişan
Hasratyny des-deň paýlaşan halkym.