Kanunlar kämilleşdirilýär

1 Fewral 2021
1342

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny özüniň gurluşy boýunça umumy düzgünleri, önümçiligiň ýörelgeleri we kepillikleri, möhletleri, önümçiligiň başynda kabul edilýän administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, kabul edilen administratiw nama şikaýat etmek önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly çykdajylary, administratiw önümçiligiň bozulmagy üçin jogapkärçiligi we jemleýji düzgünleri göz öňünde tutýan 10 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr.

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, administratiw edara – ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslardyr.

Resul NAZAROW,
Daşoguz şäheriniň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.