Düzgünleri berjaý edeliň!

26 Ýanwar 2021
950

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň asuda, parahat ýaşamagy, döretmegi hem-de gurmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň, senagat-kärhanalaryň, durmuş-medeni maksatly beýleki binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyz hakynda edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglanyşykly, binalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesi möhüm talap bolup durýar. Ýaşaýyş jaýlarynda ýüze çykýan ýangynlaryň aglabasyna gyş möwsüminde otaglary ýylatmak maksady bilen gurnalýan tebigy gaz bilen işledilýän peçleriň hem-de elektrik enjamlarynyň ulanyş hem-de gurnalyş düzgünleriniň bozulmagy sebäp bolýar.

Gaz ýangyjy bilen işleýän enjamlar başarnykly ulanylanda, olar ýangyn taýdan howpsuz bolýar. Şonuň üçin hem tebigy gaz bilen işledilýän peçler hem-de elektrik enjamlary gurnalanda, ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplary hökman berjaý edilmelidir. Ýagny, ýyladyjy hem-de gyzdyryjy enjamlar gurnalanda olaryň aşagyna ýanmaýan önümden edilen gatlaklar goýulmalydyr. Ýyladyjy, gyzdyryjy enjamlaryň sazlygy yzygiderli barlanmalydyr. Şeýle hem peçleriň tüsseçykarlary gurumlardan arassalanmalydyr.

Şamyrat ORAZDURDYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 203-nji Harbylaşdyrylan Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.