Asudalygyň mizemez binýady

26 Ýanwar 2021
1105

Türkmen Watan duýgusyny, Watan düşünjesini ömrüniň ölçeg birligine öwrüpdir. Şonuň üçin ol her bir adamyň kalbyny heýjana salýar. Oňa ýaşamaga, işlemäge, durmuşy söýmäge güýç-kuwwat berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny onuň üçin asuda, parahat ýaşaýşy üpjün etmekde görýär. Türkmenistanyň harby syýasaty parahatçylyga, asudalyga ýugrulmak bilen, ol ähli döwletleriň harby güýç ulanmazlygyna, ýaragsyzlanmagyny gazanmaklaryna gönükdirilendir. Muny Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň parahatçylykly, ýagny goranmak häsiýetine eýedigi-de aýdyň görkezýär. Milli goşunymyzyň parahatçylygy goramaklykdan ugur alýan söweşjeň taýýarlygy we ýurdumyzyň harby goranyş kuwwaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýär. Onuň gözbaşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyga, dost-doganlyga ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasaty dur. Asudalygyň goragyndaky Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi-de hut şu nukdaýnazardan ugur alýar. Bagtyýar halkymyzyň asuda ýaşaýşynyň rowaçlygy Garaşsyz Diýarymyzyň berk goralyp saklanylmagy, Serhet gullugymyzda, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň düzüminde işleýän hem gulluk edýän gullukçylar üçin talabalaýyk zähmet çekmäge, gulluk etmäge ähli amatlyklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň serhedini hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesi bilen parahat hem-de asuda gatnaşyklara öwürdi.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.