Gatnaşyklar berkidilýär

11 Ýanwar 2021
2298

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bilen şertlendirilendir.

Ine, geçen anna güni hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝÖTB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.