Üstünlik yhlasa bagly

10 Ýanwar 2021
1709

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde Babadaýhan etrabynyň ekin meýdanlarynda hem gyşky meýdan işleri gyzgalaňly dowam edýär. Häzir etrabyň bugdaý meýdanlarynda ýaşajyk maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu işde etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň biri bolan «Täze ýol» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler. Şu ýylyň galla hasyly üçin daýhan birleşigi boýunça jemi 4200 gektar meýdanda ekilen bugdaýyň ýaşajyk maýsaly atyzlaryna hojalyk boýunça däneçilik toparynyň 25-sinde ideg edilýär. Ideg işlerinde daýhan birleşiginiň Saparaly Annamyradow, Baýramsähet Narow, Orazmyrat Akorazow, Jeýhun Çaryýew, Orazmämmet Baýramgeldiýew, Daňatar Öwezow dagy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlaryň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri has-da tapawutlanmagy başarýarlar. Üstünligiň yhlasa baglydygyna oňat düşünýän daýhan birleşiginiň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary uly ösüşlere beslenip geçen 2020-nji ýyly hem zähmet üstünlikleri bilen jemlediler. Olar Watanymyzyň bereketli harmanyna guşgursak ak bugdaýyň 8565 tonnasyny tabşyryp, bu baradaky döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

— Şu ýylyň hasyly üçin ak bugdaýyň «Batko», «Bagrat» we «Kalim» diýen görnüşlerini ekdik. Haýsy ekin bolsa bolsun, tapawudy ýok, ondan bereketli hasyl almak üçin turuwbaşdan oňat ideg etmeli, her bir agrotehniki çäräniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly. Muňa hojalygymyzda zähmet çekýän her bir gallaçy kärendeçi oňat düşünýär. Täze ýylyň öň ýanynda ýagan ak garyň eräp, ene topraga, ýaşajyk maýsalara siňmegi ýaşyl ýapynjaly meýdanlara tenekar, melhem boldy. Daýhan birleşigimizde ak bugdaýdan, gowaçadan bereketli hasyl almakda baý tejribe toplan, bir söz bilen aýdanyňda topraga bagry badaşan zähmetsöýer adamlar köp. Olaryň tejribeleri bolsa ýaş kärendeçiler üçin halypa mekdebi bolup durýar. Daýhan birleşigimizde zähmeti bilen adygan, uly abraý-hormatdan peýdalanýan ussatlarymyzdan Polat Hojanepesow, Baýrammuhammet Nurlyýew, Taňryguly Geldibaýew, Allaly Hudaýnazarow, Annamyrat Ilgeldiýew, Saparmyrat Gurdow, Orazguly Baýramgeldiýew ýaly halypalary bu gün diňe bir hojalygymyzda däl, eýsem etrapda-da, hatda onuň çäklerinden daşarda hem köpler tanaýar. Biz hemişe olaryň tejribesine, zähmetine, görüm-göreldesine guwanýarys! — diýip, daýhan birleşiginiň başlygynyň däneçilik işleri baradaky orunbasary Jumamyrat Nurlyýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.