Mallar dok we ýyly gyşladylýar

10 Ýanwar 2021
1667

Mälim bolşy ýaly, gyş pasly janypkeş maldarlar üçin jogapkärli synag döwri hasaplanýar. Munuň şeýledigine oňat düşünýän lebaply dowardarlar bu möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. «Oty köpüň — maly dok» diýen pähimden ugur alyp, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynyň agzybir işgärleri, çopandyr çoluklary dowarlar üçin ot-iýmleri taýýarlamakda bar bolan kaşarlarda we agyllarda göwnejaý abatlamak işlerini ýerine ýetirdiler. Ýerlerdäki guramaçylykly amala aşyrylýan işleriň netijesinde şu güne çenli welaýat boýunça bar bolan 8 sany maldarçylyk hojalyklarynda dürli görnüşli otlaryň 14 müňden gowrak tonnasy taýýarlandy. Bu bolsa borçnamalaýyn tabşyrygyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. Taýýarlanylan şonça otuň 105 tonnasy ýorunja bedesi, 3267 tonnasy meýdan otlaryň bedesi, 10101 tonnadan gowragy iri baldakly otlar, 1337 tonnadan gowragy bolsa samanlardyr. Mundan başga-da, mallar üçin möhüm iýmit bolan arpanyň 59 tonnasy taýýar edildi. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşmesiniň maldarçylyk boýunça hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, taýýarlanan ot-iým gory maldarçylyk hojalyklarynda ideg edilýän 222,5 müňden gowrak dowary dok we ýyly gyşlatmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem gyş döwründe mallary abat, ýitgisiz we ýyly saklamak üçin welaýat boýunça ýyly kaşarlaryň 370-den gowragy, agyllaryň hem 113-si gözden geçirildi.

Şakir TURAÝEW,
öz habarçymyz.