Gyş aladalary

8 Ýanwar 2021
2515

Çillede ýagan gar, ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, ýere dökün bolsa-da, maldar üçin käbir kynçylyklary döredýär. Sebäbi ol Nowruz gary ýaly aňsat eräp gidibermeýär. Öri meýdanlaryny, hatda iri çöplerine çenli örten gar ýene-de asmana garap, «entäkler gitmerin» diýip dur. Şonuň üçin Lebap welaýatynyň Garagumda we Gyzylgumda mal bakýan çopan-çoluklaryna goşmaça adam güýçleri we tehnikalar berkidildi. Welaýat maldarçylyk birleşigine degişli bolan 8 sany maldarçylyk hojalygynyň hasabynda jemi 222 müňe golaý dowar bolmak bilen, olaryň 100 müňden gowragy ene goýunlardyr. Eýýäm agralyp başlan ene goýunlar ýyly kaşarlara geçirildi. Gyşdan öň kemsiz abatlanyp, ätiýaçlyk otlar bilen üpjün edilen 373 sany kaşardyr agyl mallary ýyly gyşlatmagy üpjün edýär. Meýdan otlaryndan taýýarlanan küdelerde kaşarlaryň ýakynynda ýerleşdirilipdir. Gury oty köp iýen malyň suwa bolan talaby-da güýçli bolýar. Şonuň üçin her gün mallar guýynyň ýyly suwundan gandyrylýar. «Lebapörisuw» kärhanasynyň hünärmenleri bolsa ähli guýulara wagtly-wagtynda aýlanyp, olaryň kadaly işlemegi üçin tagalla edýärler.

— Gyşyň häzirki ýaly doňaklyk döwründe guýynyň ýyly suwy, aýratyn-da, ene mallar üçin zerurlyk. Suwy wagtynda bermän, gijikdirseň, mallar doňan gary ýalap başlaýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, bogaz mala zyýan edýär — diýip, guýy ussasy Jumamyrat Ahmedow gürrüň berýär. Hakykatdan-da, 40 — 50 metr çuňlukdan çykarylýan guýynyň suwy ýylymtyk bolansoň, mallar ony teşnelik bilen içýärler. Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Çary Begmyradow çolugyň işini etmäni halasa, beýleki bir çopan Arslan Kadyrow bolsa motory otlap, guýudan suw çykarmagy gowy görýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».