Medeni habarlar

17 sagat öň
36

Bazar öwüşginleri

Şu günler Täze ýylyň şatlygy paýtagtymyzdan başlap, welaýatlarymyza çenli ýaşyl arçalaryň reňbe-reň öwüşginlerine beslenýär. Ýöne bazarlardaky sowgatlyklardyr miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşli öwüşginleri has-da täsirli. Bazar içindäki bazary ýada salýan Täze ýylyň özboluşly bazarçalary owadan gutulardyr örme sebetlerdäki üýtgeşik sowgatlyklary bilen kalbyňy heýjana salýar. Ýaşyl arçalar, olaryň dürli bezegleridir jäjekler bazar bolçulygy bilen diýseň sazlaşýar.

Ýörite habarçymyz.