Ösüşiň ak ýoly bilen

1 gün öň
56

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ykdysady düzümleriň özgerdilmegi, harytlaryň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy, maýa goýumlaryň ösdürilmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň esasy görkezijileri, daşary söwda dolanyşygy has-da artýar.

Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmekde, ýurduň pul-karz syýasatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda, şol sanda pudaklaryň strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynda bellenilen wezipeler milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmekde, elektron senagatyny döretmekde, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Bu ugurda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy aýratyn ähmiýete eýedir. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň girizilmegi onuň hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin emeli aňyň, daş aralykdan hyzmat etmek üçin niýetlenen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Menzilara bank», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilen.

Selbinyýaz ŞEÝDYLLAÝEWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.