Ýaş zehiniň üstünligi

2 gün öň
63

Ajaýyp zamanamyzda medeniýete, sungata uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň dürli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky ösüşleri hem dünýä nusgalykdyr. Suratkeşlikde, aýdym-saz bilen meşgullanmakda diňe bir uly ýaşlylaryň däl, eýsem, çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda-da dürli bäsleşikler geçirilip, türkmen ýaşlary üstünliklere eýe bolýarlar. Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ tarapyndan «Ýaş suratkeşleriň gözi bilen Türkmenistan we türki dünýäsi» diýen at bilen golaýda ýaş suratkeşleriň arasynda geçirilen halkara bäsleşik hem muňa mysal bolup biler. Balkanabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Hojagulyýew bu bäsleşige «Änew — 2024» atly heýkel işi bilen gatnaşdy. Ol alty döwletiň oglan-gyzlarynyň arasyndan saýlanyp, baýrakly üçünji orny eýeledi hem-de guramanyň diplomyna we gymmatbahaly sowgadyna mynasyp boldy.

B.Hojagulyýew Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde tälim aldy. Ol çeperçilik mekdebinde okan döwründe mekdebiň heýkel mugallymy Durdymämmet Nuryýewden şekil ýasamagyň inçe syrlaryny öwrendi. Halypasyndan öwrenenlerini bäsleşige hödürlän sungat işine siňdirip, onda şöhratly geçmişi dünýä ýaň salan gadymy Änewiň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini, taryhyny giňden açyp görkezmegi başardy we bu işi ýaş heýkeltaraşa üstünlik getirdi. Biz hem geljekde Begenje döredijilik äleminde uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris. Ýaş nesillere okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Gurbangül NEDIROWA,
Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy.