Sport birinjiligi geçirildi

2 gün öň
75

Bäherden etrabynyň 350 orunlyk sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gel, Täze ýyl, şatlyk paýlap ýaşlara!» ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Etrapdaky orta mekdepleriň we sport mekdebiň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda geçen ýaryş çekeleşikli we gyzykly duşuşyklara diýseň baý boldy. Täze ýyl baýramçylygyny dabaralandyrmak, ýaşlary köpçülikleýin sporta giňden çekmek maksady bilen guralan ýaryşda etrabyň sport mekdebiniň topary birinji orny, 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orny, 28-nji orta mekdebiniň topary üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.