Döredijilik duşuşygy

2 gün öň
165

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmek maksady bilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Geçirilýän şeýle çäreler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen ýaşlaryň arasynda geçirilýän edebi-döredijilik agşamlary, duşuşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Baý röwüşe, many-mazmuna eýe bolýan duşuşyklar, edebi-döredijilik agşamlary ösüp gelýän nesliň okamaga bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň döredijilik dünýäsine gadam basmaklaryna, medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny, mümkinçiliklerini synap görmeklerine itergi berýär. Olaryň dowamynda mekdep okuwçylary okuw derslerinde alan bilimlerini has-da ösdürýärler, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alýarlar, ýazyjy – şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly bilen ýakyndan tanyşýarlar. Döredijilik wekilleriniň berýän gürrüňleriniň täsiri bilen okamaga, bilim almaga has-da höwesli çemeleşýärler. Şunda ýaş nesliň kalbynda döredijilik başlangyçlary şineleýär.Ýakynda mekdebimizde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Toýguly HOJAÝEW,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, tebigy, takyk dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.