Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

23 Dekabr 2024
79

Türkmen-malaý hyzmatdaşlygy bu günki günde ugurlaryň giň gerimi boýunça okgunly ösdürilip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran ilkinji sapary we onuň dowamynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr boldy. Çünki Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, nebitgaz pudagy boýunça hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň birini emele getirýär. Çünki Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Milli nebitgaz pudagynyň işiniň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär.

Gülçemen REJEPGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.