Berkararlyk buýsanjy

18 Dekabr 2024
107

Ata Watanymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29  ýyllygy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenildi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň serweri. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganaty. Ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwletiň goldamagy netijesinde Baş Assambleýanyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy aýratyn orun eýeledi.

Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, onuň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşikde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr. Baky Bitaraplyk, munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk baky abadançylykdyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.