Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly

18 Dekabr 2024
190

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, baky Bitaraplygymyzdan gözbaş alýar. Her bir işde bu goşa mukaddeslik güýç-kuwwat, ylham berýär. Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine daýanýan içeri we daşary syýasatymyzda gazanýan üstünliklerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent ykrarnama mynasyp bolmagy ata Watanymyzyň ösüşli menzillerde alyp barýan ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli işleriniň dünýä ähmiýetlidiginden habar berýär. Olar halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Garaşsyzlyk bilen galkynan, Bitaraplyk bilen beýgelen ýurdumyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bagtyýarlyk şuglasyny saçýan ajaýyp zamanamyzda täze belentliklere göterilýär. Munuň özi döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň binýady bolup durýandygyny görkezýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda täze taryhy döwürde amala aşyrylýan işler ýürekleri söýgä hem buýsanja besleýär. Şol söýgi hem buýsanç bilen ädýän ädimlerimiz bizi ýeneki ösüşlere, röwşen geljege sary alyp barýar.

Ogulgerek MÄMMEDAMANOWA,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.