Yhlasa — myrat

18 Dekabr 2024
182

Türkmeniň sahawatly topragy bar. Ol idegini kemsiz ýetirip, yhlas bilen hyzmat edene berekedini eçilip, bagtly durmuşa ýetirýär. Munuň şeýledigine biz maňlaý derini döküp, ene ýerden ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýan ildeşlerimiziň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şolaryň biri hem 1991-nji ýyldan bäri ene topraga hyzmat edip, bugdaýdyr gowaçadan bol hasyl alyp gelýän Köýtendag etrabynyň Ters geňeşliginiň ýaşaýjysy Enargül Ersaryýewadyr. Ol 2021-nji ýylda geňeşligiň çäginde 99,17 gektar ýeri uzakmöhletleýin kärendesine aldy.

Daýhan zenan ilkinji ýyl ýeriniň 42 gektaryna bugdaý, 42 gektaryna gowaça, galan bölegine-de şalydyr mäş ekdi. Ekinleriň idegini kem etmedi. Ýeterlik mukdarda ýerli we mineral dökünleri berdi. Yzygiderli suwdan gandyrdy. Çekilen zähmet ýerine-de düşdi. Ene toprak bol hasyl eçildi. Enargül şol ýyl döwlete 72,7 tonna derek 98 tonnadan geçirip, azyklyk däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Ol şol ýyl gowaçadan hem meýilnamada görkezilen 75,6 tonna derek 105 tonnadan aşyryp, ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldi. Şalydyr mäş ýaly ekinleriniň hasyly hem ýokary boldy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçiniň oba hojalyk ekinlerini ekip, önümçilik baradaky meýilnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz.