Ýalkawly işe işjeň gatnaşyp

18 Dekabr 2024
92

Ata-babalarymyz bag oturtmagy, olara ideg etmegi iň sogaply işleriň biri hasaplapdyrlar. Şahyr aýtmyşlaýyn, bir agaç oturdanyň ady dünýäniň kitabyna baky ýazylýar. Eždatlarymyzyň bu röwşen ýoly häzirki nesiller tarapyndan ynam bilen ýöredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda her ýylyň ýazynda we güýzünde bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde obadyr şäherlerimiz gür baglyga bürenýär. Şeýle möhüm işe ýaşlary çekmek üçin olarda çagalygyndan tebigata söýgi döretmek möhüm bolup durýar.

Ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermek, olarda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endiklerini terbiýelemek bilim ojaklarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işiniň möhüm bölegidir. Olarda ene topragyň mukaddesdigi, baglara ideg etmegiň her bir ynsanyň perzentlik borjudygy hakynda berk düşünjeleri kemala getirmek işinden ene-atalar hem çetde durmaýarlar. Bilelikde hereket etmek arkaly beýik döwrümize mynasyp şahsyýetleriň kemala gelýändigi guwandyrýar.

Merjen KULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň magistranty.