Akyl-paýhaslylygyň, pähimliligiň ýyly

11 Dekabr 2024
242

Täze ýyl — maşgala baýramçylygy. Täze ýylda bir saçagyň başyna jem bolup, birek-birege sowgat bermek, adamlarda şatlyk duýgusyny döretmek — bu baýramçylygyň esasy mazmunyny düzýär. Ýene-da sanlyja günlerden 2025-nji ýyl bosagamyzdan ätlär. Ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri ýöredip gelýän müçenama hasabyna görä, geljek ýyl ýylan ýylyna gabat gelýär. Bilşimiz ýaly, Gündogar senenamasyna laýyklykda, her bir ýylyň öz ady bolupdyr. Her müçe ýylynda howanyň ýagdaýynyň nähili boljakdygy barada il arasynda dürli pikirler, rowaýatlar saklanyp galypdyr.

— Ýylan ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň altynjysydyr.

Selbijemal GYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.