Üstünligiň gözbaşy

10 Dekabr 2024
166

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde, saglyk ulgamyny hem dünýä derejesinde ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary giň gerimde amala aşyrylýar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, saglygy goraýyş we derman senagaty edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de sanly ulgam, döwrebap tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmäge hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmäge gönükdirilen işler barha rowaçlanýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli lukmançylygyň täze belentliklere eýe bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär we sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar.

Laçyn AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.