Belent maksatly aýdyň wezipeler

5 Ýanwar 2021
2193

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen we gönüden-göni parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Şu maksat bilen ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, öňde goýulýan wezipeleriň netijeli çözülmegi gazanylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmegi üpjün edilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ösmegi bolsa, öz nobatynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işlerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Muny halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işlerde aýdyň görmek bolýar. Bularyň hemmesi Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Ogulbagt ORAZDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.