Wenger edebiýatynyň mähek daşy

29 Noýabr 2024
232

Şandor Petefi Wengriýanyň nusgawy edebiýatynda öçmejek yz galdyran, wenger halkynyň milli şahyrydyr. Onuň goşgular we poemalar kitaby ýurdumyzda 1955-nji ýylda, «Ýanoş pälwan» atly kitaby bolsa 1956-njy ýylda neşir edildi. Häzirki döwürde hem türkmen okyjylary şahyryň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar. Beýik şahyryň hormatyna dogduk mekanynda birnäçe medeni edaralara, habar beriş serişdelerine onuň ady dakyldy. 2023-nji ýylda Wengriyada Şandor Petefiniň doglan gününiň 200 ýyllygy giňden bellenilip geçildi.

Görnükli söz ussadynyň Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkeliniň oturdylmagy türkmen-wenger halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň anyk güwäsidir.