Geçmişden janly ýadygär

28 Noýabr 2024
222

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, asyrlar aşyp, şu günlerimize gelip ýeten batyrgaý alabaý itleri türkmen halysy, ahalteke bedewleri bilen deň hatarda halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň mysalydyr. Şundan görnüşi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky orny uludyr.

Üstünden nijeme heňňamlar geçse-de, mizemän saklanan taryhyň küt-küt sahypalary türkmen alabaýlary hakda buýsandyryjy maglumatlary habar berýär. Bu hakda iň gadymy ýazgylar Marguş topragynda dörän otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby «Awestada» beýanyny tapypdyr. Kitabyň «Widewdat» bölüminiň «It» babynda itleriň adamzat üçin gününi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin döredilen jandardygy aýdylýar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.