Pyragynyň şygyrlary — terbiýe mekdebi

27 Noýabr 2024
240

Adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli Watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Şöhratly taryhymyzy öwrenmekde, milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda asylly işleriň amal edilýän zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belende galdy. Ol diňe öz iliniň «sözlär tiline» öwrülmek bilen çäklenmän, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden meşhur boldy. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähtden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi.

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.