Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli sapaklary kämilleşdirmek

3 Ýanwar 2021
2637

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Bu asylly işi durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak babatda öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.

Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň many-mazmunyny öwrenmek, özleşdirmek we öwretmek bilim işgärleriniň öňünde duran esasy wezipeleriniň biridir.

Gündogdy ŞADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.