Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

18 Noýabr 2024
230

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda sanly ulgam we döwrebap mümkinçilikler giň gerim bilen ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler bilim ulgamyna hem ornaşdyrylyp, täze usullar işlenip düzülýär. Bu usullar bolsa sapak guralanda netijeliligi bilen tapawutlanýar, okuwçylaryň alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi.

Gülsere BEBUTOWA,
Çärjew etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.