Hünärleri kämilleşdirmäge gönükdirilen usuly-amaly okuwlar

17 Noýabr 2024
373

«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmegiň möhüm ähmiýeti bar. Olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň hünär ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek üçin ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň ХI-ХII synplarynda okaýan okuwçylara hünär ugurly dersleriň okadylýandygy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýaşlary mekdepde okaýan döwründe hünäre ugrukdyrmagyň esasy maksady olara dürli hünärler barada zerur düşünjeleri bermekdir. Bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir pedagogyň esasy wezipesi ýaş nesli jemgyýete peýdaly zähmete taýýarlamakdan, onuň borçlaryna dogry düşünmegini we olary berjaý etmegi, zähmete aňly-düşünjeli çemeleşmegi we ony söýmegi öwretmekden ybaratdyr.

Begnazar GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň zähmet we hünär okuwy bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ussat mugallymy.